Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi

  • 27.08.2025 11:12
  • 7.6k+

Milliarder Ilon Maskyň X we xAI kompaniýalary Apple we OpenAI (ChatGPT çat-botuny dörediji) kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasy bilen Tehasdaky kazyýete ýüz tutdy. Bu barada 25-nji awgustda Bloomberg agentligi habar berdi.

Beýanda Apple bilen OpenAI-iň arasyndaky aýratyn şertnamanyň ChatGPT-ni iPhone-a goşulan ýeke-täk çat-bota öwrendigi aýdylýar. Şikaýatçylaryň pikiriçe, bu bäsdeşligi çäklendirýär we tehnologiýanyň ösmegine päsgel berýär, şeýle-de ulanyjylary saýlamak mümkinçiliginden mahrum edýär. Şunuň bilen baglylykda Maskyň kompaniýalary öwez tölegi hökmünde milliardlarça dollar talap edýär.
OpenAI-iň wekili Bloomberg bilen söhbetdeşlikde şikaýat arzasynyň “Maskyň yzygiderli yzarlamak tejribesini” görkezýändigini aýtdy. Apple teswir bermekden ýüz öwürdi.
Apple 2024-nji ýylda ChatGPT-ni Apple Intelligence emeli aň ulgamyna goşmak barada OpenAI bilen şertnama baglaşdy. 2025-nji ýylyň maý aýynda Apple-iň uly wise-prezidenti Eddi Kýu şertnamanyň eksklýuziw däldigini we kompaniýanyň islän ýagdaýynda başga çözgütleri-de ulanyp biljekdigini belledi.
Bloomberg Maskyň OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman bilen köpden bäri dawalaşýandygyny ýatladýar. 2015-nji ýylda olar bilelikde OpenAI-i döretmäge gatnaşdy, ýöne 2018-nji ýylda Mask müdirler geňeşini terk etdi.
11-nji awgustda Mask X sosial ulgamynda Apple-iň monopoliýa garşy kanuny bozýandygyny ýazdy, sebäbi OpenAI-den başga emeli aň bilen meşgullanýan ýekeje kompaniýa-da App Store-da birinji orna çykyp bilenok. Muňa jogap hökmünde Altman Maskyň “X-i öz bähbitleri we kompaniýalarynyň bähbitleri üçin ulanyp”, bäsdeşlerine we halamaýan adamlaryna zyýan ýetirýändigini” aýtdy.
Maskyň xAI kompaniýasy öz Grok çat-botuny işläp taýýarlaýar. 


25.06.2026 14:47
4.9k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......