Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär

  • 30.08.2025 18:10
  • 1k+

Microsoft ilkinji gezek özüniň emeli aň modellerini hödürledi. Mundan öň kompaniýa, esasan, OpenAI-iň çözgütlerini ulanyp, olary Azure infrastrukturasyna we Copilot önümlerine goşýardy. Indi bolsa onuň öz ulgamlary – MAI-Voice-1 we MAI-1-preview bar.

MAI-Voice-1 – bu sözleýşi emele getirýän model. Ol eýýäm audio habar we howa maglumatlaryny döredýän Copilot Daily programmalarynda we Podcasts-da ulanylýar. Onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Copilot Labs interfeýsi döredildi. Copilot Audio Expressions funksiýasynyň kömegi bilen ulanyjylar tekst goýup, sesi we stili saýlap, soňra taýýar audio faýly ýükläp alyp biler. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, model ýokary tizlikde işleýär: bir minutlyk sözleýiş sekuntdan az wagtyň içinde döredilýär.
Ikinji model, MAI-1-preview – LMArena platformasynda köpçülikleýin beta-wersiýa görnüşinde elýeterli. Bu Microsoft-yň doly derejede öz güýji bilen döreden ilkinji modelidir. Ol 15 000 Nvidia H100 tizleşdirijisinde MoE arhitekturasy boýunça okadyldy. Korporasiýanyň maglumatlaryna görä, model görkezmeleri ýerine ýetirip, ulanyjylaryň soraglaryna jogap berýär. Ýakyn hepde ony synag funksiýalary üçin Copilot-a goşmak meýilleşdirilýär.
Kompaniýa MAI-1-preview-iň OpenAI-iň modelleriniň ornuny tutmajakdygyny belleýär. Geljekde Microsoft öz modellerini hyzmatdaşlyk çözgütleri we açyk başlangyç kodly jemgyýetçilik taslamalary bilen utgaşdyrmak isleýär. Model synag edijileriň çäkli topary üçin API arkaly hem elýeterlidir.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......