Warner Bros. Discovery öz gahrymanlaryny ulanandygy üçin Midjourney-i kazyýete berdi

  • 09.09.2025 09:55
  • 3.6k+

Warner Bros. Discovery awtorlyk hukuklaryny bozandygy barada Midjourney neýroulgamynyň işläp düzüjisiniň üstünden kazyýet arzasyny berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Resminamada ulanyjylaryň awtorlyk hukugy bilen goralýan kult gahrymanly şekilleri we wideolary döredip biljekdigi bellenýär. Olaryň arasynda Supermen, Gudratly aýal, Joker, şeýle hem “Tom we Jerri”, “Skubi-Du”, “Rik we Morti” multfilmleriniň gahrymanlary bar.

"Edýän işimiziň özeni - döredijilik hyzmatdaşlarymyzyň hyýallaryny janlandyrmak bilen, auditoriýamyzy gyzyklandyrýan wakalary we gahrymanlary döredýäris. Midjourney aç-açan we bilkastlaýyn eserlere bolan awtorlyk hukugymyzy bozýar we biz bu arzany kazyýete mazmunymyzy, hyzmatdaşlarymyzy we maýa goýumlarymyzy goramak üçin berdik" - diýip, Warner Bros. Discovery-niň beýannamasynda aýdylýar.

Kompaniýa Midjourney edýän işiniň nädogrudygyny bilýär diýip tassyklaýar: hyzmat ozal hukuklary bozýan şekillere esaslanýan wideony döretmek mümkinçiligini petikläpdi, ýöne awgust aýynda çäklendirmeleri ýatyrdy. Arza berijiniň pikirine görä, bu girdeji almak üçin edilipdir.
Ondan öň, Disney bilen Universal Midjourney-e garşy şuňa meňzeş kazyýet işini açdyrypdy. Olar neýroulgamyň “Ýyldyzlar urşy”, “Simpsonlar”, “Oýnawaçlaryň taryhy”, “Şrek”, “Nejis men” we beýleki franşizalardaky gahrymanlaryň “san-sajaksyz birugsat nusgalaryny” döredendigini öňe sürdüler. Studiýalaryň habaryna görä, Midjourney diňe geçen ýylyň özünde 300 million dollar gazandy.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....