OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär

  • 03.09.2025 12:23
  • 2.4k+

OpenAI kompaniýasy öz blogunda ChatGPT-niň ulanyjylarynyň hat alyşmalarynyň indi zyýanly mazmun taraplarynyň derňelýändigini habar berdi. Potensial howply habarlar gözden geçirmek üçin işgärlere iberilýär we käbir ýagdaýlarda polisiýa iberilip bilner.

"Ulanyjylaryň özlerine we başgalara zyýan ýetirmegi meýilleşdirýändigini anyklanymyzda, olaryň habarlaryny ýörite kanallara ugrukdyrýarys, ol ýerde tälim berlen we hasap ýazgylaryny petiklemek ýaly çäreleri görmäge ygtyýarly kiçeňräk  topar tarapyndan gözden geçirilýär" – diýip, makalada aýdylýar.

OpenAI eger barlagda beýleki adamlara çynlakaý fiziki zyýan ýetirmegiň hakyky howpy ýüze çykarylsa, kompaniýanyň maglumatlary hukuk goraýjy edaralara geçirjekdigini aýdýar.
Gadagan edilen işlere mysal hökmünde şulary görkezmek bolar: ChatGPT-ni öz janyňa kast etmegi ýa-da beden agzalaryňa zyýan ýetirmegi wagyz etmek üçin ulanmak, ýarag işläp taýýarlamak ýa-da ulanmak, adamlara ýa-da olaryň emlägine zyýan ýetirmek, şeýle hem dürli hyzmatlaryň we ulgamlaryň howpsuzlygyna howp salýan birugsat işler bilen meşgullanmak.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa häzirki wagtda ulanyjy maglumatlarynyň arasynda hukuk goraýjy edaralara geçirileniniň ýokdugyny aýtdy.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......