YouTube görýän wideolaryna esaslanyp, ulanyjynyň ýaşyny kesgitlemek ulgamyny synagdan geçirýär

  • 16.08.2025 17:45
  • 2.2k+

13-nji awgustda YouTube ABŞ-da ulanyjynyň ýaşyny barlamak boýunça täze ulgamyny synagdan geçirip başlady. Tehnologiýa görýän wideolarynyň häsiýetine baglylykda uly ýaşly we kämillik ýaşyna ýetmedik tomaşaçylary tapawutlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanar.

Synag ilkibaşda platformanyň amerikaly tomaşaçylarynyň uly bolmadyk bölegini öz içine alar. Netije üstünlikli bolsa, tehnologiýa beýleki ýurtlara-da giňeldilip bilner. Ulgam diňe öz hasaplaryna giren ulanyjylar üçin işleýär we hasaba alnanda görkezilen doglan senesine garamazdan ýaşyny barlaýar.
AI ulanyjynyň 18 ýaşdan kiçidigini kesgitlese, onda YouTube platformada eýýäm bar bolan adaty çäklendirmeleri we süzgüçleri: arakesme etmegiň zerurdygy barada ýatlatmalary, gizlinlik baradaky duýduryşlary we hödürlenýän wideolara çäklendirmeleri ulanar. Mundan başga-da, 18 ýaşdan kiçi ulanyjylara şahsylaşdyrylan mahabat görkezilmez.
YouTube-yň wideolary hasaba girmezden hem elýeterli bolup biler, ýöne käbir materiallar ýaş tassyklanýança awtomatiki usulda petiklener.
ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Tehas ştatynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň käbir kategoriýadaky wideolary görmegini gadagan edýän kanunyny kabul edeninden soň, onlaýn platformalara syýasy basyş ýokarlandy. Käbir hyzmatlar ýaş barlagyny güýçlendirdi, ýöne käbir bilermenler jogapkärçiligiň ilkinji nobatda Apple-iň we Google-yň mobil programma dükanlarynyň üstüne düşýändigini belleýärler, ýöne kompaniýalaryň özi munuň bilen ylalaşmaýar.
Electronic Frontier Foundation we Center for Democracy & Technology ýaly sanly hukuklary goraýan guramalar şeýle ýaş barlagynyň ABŞ-nyň konstitusiýasynyň Birinji üýtgetmesi bilen goralýan şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi we söz azatlygy hukuklaryny bozup biljekdigi barada alada bildirýär.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......