Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy

  • 06.08.2025 15:53
  • 3.8k+

Microsoft korporasiýasy ýakyn 3-8 ýylda neýroulgam tehnologiýalarynyň täsiri astynda ýitip gitjek ýa-da üýtgäp biljek 40 hünäriň sanawyny düzdi.

Barlag dokuz aýyň dowamynda geçirildi. Kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňyň haýsy ugurlarda işjeň ulanylýandygyny kesgitlemek üçin amerikan ulanyjylary bilen Copilot çat-botunyň arasynda 200 000 sany näbelli gepleşikleri seljerdi.
Barlagçylaryň kesgitlemegine görä, AI köplenç dil bilen baglanyşykly meselelerde ulanylýar. Şol sebäpli terjimeçiler iň ejizleriň hataryndadyr. Microsoft algoritmleriň eýýäm sinhron terjimäniň hötdesinden üstünlikli gelýändigini belleýär.
Ikinji ýerde – taryhçynyň hünäri. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, maglumat gözlemek, faktlary barlamak we çeşmeleri seljermek haýyşlary Copilot bilen ýerine ýetirilýän, iň giň ýaýran amallar boldy.
Sanawda ýazyjylar, satyjylar, redaktorlar, žurnalistler, web-işläp düzüjiler, hostlar, konsýeržler, jaň merkeziniň operatorlary, dellalçylyk işgärleri, radionyň alyp baryjylary we hatda CNC-li stanok operatorlary hem bar. Bu hünärleriň umumylygy tekstler, maglumatlary işlemek we gaýtalanýan wezipeler bilen işlemekden ybaratdyr.
Microsoft neýroulgamyň bu hünärleri düýbünden çalşyp bilmejekdigini, ýöne olaryň işe bolan çemeleşmesini düýpgöter üýtgetjekdigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň pikirine görä, massažçylar, enekeler, sürüjiler we üçek ussalary ýaly fiziki barlygy talap edýän hünärler üçin awtomatlaşmak töwekgelçiligi pes bolup galýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......