Google "Gemini" emeli aňyna resminamalary sesli okamak funksiýasyny goşdy

  • 22.08.2025 08:10
  • 1.1k+

Google kompaniýasynyň işläp düzüjileri «Google Dokumentler» hyzmatyna teksti ses formata öwürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany girizdiler. Bu gurallar emeli aňyň Gemini modeliniň esasynda işleýär.

«Audio» atly täze gural iş meýdançasynyň ýokarky bölegindäki «Gurallar» menýusynda peýda boldy. Ony işjeňleşdireniňde «Şu sahypany diňlemek» buýrugyny saýlap bolýar. Ondan soň ekranda audio formatyň dowamlylygyny görkezýän kiçi pleýer peýda bolýar. Pleýeri ekranyň islendik ýerine süýşürip bolýar, ol adaty dolandyryş düwmeleri, şeýle hem sesiň tizligini we intonasiýasyny sazlamak mümkinçiligi bilen üpjün edilýär.
Mundan başga-da, resminamany redaktirleýän wagtyňyz islendik ýere ses düwmesini goşup, teksti soňrak hem ses görnüşine öwrüp bilersiňiz. Bu mümkinçilik maglumatlary diňlemek arkaly kabul etmegi has amatly hasaplaýan ulanyjylar üçin niýetlenendir.
Häzirki wagtda funksiýa diňe iňlis dilini goldaýar we diňe Google Docs-yň web-wersiýasynda elýeterli. Ýakyn wagtda bu hyzmatdan Google AI Pro we Ultra abunalary, şeýle hem korporatiw müşderiler peýdalanyp bilerler.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...