OpenAI Neuralink-iň çägine girýär. Kompaniýa beýni çiplerini döretmäge maýa goýýar

  • 18.08.2025 09:58
  • 3.3k+

Amerikanyň OpenAI kompaniýasy we ony esaslandyryjy Sem Altman beýni implantlary üçin interfeýsleri döredýän Merge Labs başlangyjyna maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada üç sany anonim çeşmä salgylanyp, Faýnansial Taýms habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, Merge Labs 850 million dollar maýa çekmegi meýilleşdirýär. Başlangyç bu mukdaryň takmynan 250 million dollaryny ChatGPT-niň döredijisinden almagy göz öňünde tutýar. Göz almasyny skanirlemek arkaly adamlary autentifikasiýa etmek ulgamlary bilen meşgullanýan, Bütindünýä taslamasynyň ýolbaşçysy Aleks Blaniýa bu taslamada OpenAI-yň baş direktorynyň hyzmatdaşy bolup biler.
Merge Labs-iň Ilon Maskyň “beýni-kompýuter” tehnologiýalaryny işläp düzýän  Neuralink-ine gös-göni bäsdeş boljakdygyny bellenilýär.
Geçen aý Neuralink-yň 2031-nji ýyla çenli takmynan 20 000 adama çip gurmagy meýilleşdirýändigi habar berildi. Maskyň kompaniýasy neýrointerfeýsler bilen meşgullanýan ýeke-täk kompaniýa däl we bu ugurda ilkinjileriň biri bolup hem durmaýar. Bazarda eýýäm Blackrock Neurotech, Cyberkinetics, Paradromics, Precision Neuroscience we Bill Geýts we Jeff Bezos tarapyndan maliýeleşdirilýän Synchron başlangyjy ýaly güýçli bäsdeşler bar. Beýni implantlaryny işläp taýýarlamaklyga olaryň hersi dürlüçe çemeleşýär.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda hereket edýän Beýni ylymlary we aň tehnologiýasy boýunça öňdebaryjy tejribe merkezi (CEBSIT) hem bu ugurda öňegidişlik gazandy. Hytaýly alymlaryň işläp taýýarlamasynyň Neuralink-iň enjamyndan bäş esse kiçidigi we ýüz esse çeýedigi habar berildi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...