OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy

  • 13.08.2025 07:32
  • 1.9k+

OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär.

Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy. Final OpenAI-iň esaslandyryjylary Sem Altman bilen Ilon Maskyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň dowam edýän döwründe aýratyn gyzykly boldy. Ilon Mask kompaniýadan gideninden soň ony satyn almaga çalşypdy, soň bolsa ony ýiti tankytlap başlady.
Finalda o3 modeli Grok 4-i dört döwüň ählisinde utup, ajaýyp oýun görkezdi. Ulgamlaryň ikisi-de öňki tapgyrlarda bäsdeşlerden öňe geçip, finala çykdy. Utulyşdan soň Mask Grok-yň oýun ukybynyň diňe “goşmaça mümkinçilikdigini” we model döredilende esasy ugurlaryň biri bolmandygyny aýtdy.
Kompýuterleriň dünýäniň iň gowy küştçülerini utmak ukyby 1997-nji ýyldan bäri belli. Şol wagt IBM Deep Blue superkompýuteri Garri Kasparowy utupdy. Soňra Google DeepMind kompaniýasy küşt we go oýunlarynda özbaşdak öwrenmäge ukyply emeli aňy döretdi. Täze ýaryş ChatGPT ýaly uly dil modellerini (LLM) synagdan geçiren ilkinji uly ýaryş boldy.
Take Take Take-iň baş direktory we esaslandyryjysy Andre Kristiansen bu ýaryşyň esasy gymmatynyň häzirki EA modelleriniň nähili pikirlenýändigini we çözgüt kabul edýändigini öwrenmekdigini belledi.
Iýul aýynda häzirki dünýä çempiony Magnus Karlsen onlaýn oýunda ChatGPT-ni ýekeje-de mal ýitirmezden utdy. Karlsen Grok-yň reýtingini 800 punkt, o3 modeliniňkini bolsa 1200 punkt diýip çaklady. Deňeşdirmek üçin, onuň öz reýtingi iň ýokary derejesinde 2882 punkt bolupdy. Grok bolsa öz derejesini 1600 – 1800 punkt aralygynda diýip hasaplady. 


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......