OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

  • 26.08.2025 13:50
  • 1.3k+

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär.

Şeýle çözgüt hindi ulanyjylary üçin aýda 5 dollar bahadan ChatGPT-niň arzan nyrh meýilnamasynyň işe girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu teklip Hindistanyň köpçülikleýin bazary üçin iň amatlysy boldy.
Ýurt internet ulanyjylarynyň we smartfonlaryň sany boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Soňky bir ýylda Hindistanda ChatGPT-niň gündelik ulanyjylarynyň sany dört esse artdy. OpenAI bu bazarda Google we Meta ýaly iri oýunçylar, şeýle-de Perplexity ýaly täze serwisler bilen bäsleşýär.
Kompaniýa döwlet edaralary, işläp düzüjiler we bilim guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär. Baş direktor Sem Altmanyň aýtmagyna görä, ofisiň we ýerli toparyň döredilmegi EA tehnologiýalaryny tutuş ýurtda elýeterli etmekde we Hindistan bilen bilelikde Hindistan üçin gurallary işläp düzmekde möhüm ädim bolar.
OpenAI ilkinji başlangyçlar hökmünde Hindistanda bilim sammitini we işläp düzüjileriň ilkinji duşuşygyny geçirer. Bu çözgüt kompaniýanyň Aziýadaky ornuny berkitmek boýunça strategiýasyny dowam etdirýär: öň kompaniýanyň ilkinji ofisleri Ýaponiýada, Singapurda we Günorta Koreýada peýda boldy.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......