OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

  • 08.08.2025 15:13
  • 2.8k+

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýa wersiýalaryň birinde – gpt-oss-20b-de gowşaklyklary we “howply hereket” formalaryny tapmak üçin bäsleşik yglan etdi. Baýrak gaznasy 500 müň dollara barabar.
Gatnaşyjylar islendik ylmy gözlegçi we işläp düzüji bolup biler. Arzalar bäsleşik yglan edilenden soň 21 günüň dowamynda kabul edilýär. Işlere OpenAI-iň we beýleki öňdebaryjy barlaghanalaryň hünärmenlerinden ybarat komissiýa baha berer.
Baýrak gaznasy on ýeňiji toparyň arasynda paýlanar. Olaryň her biri 50 müň dollar alar. Bir toparda bäş adama çenli bolup biler we her bir topar diňe bir arza berip bilýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......