Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi

  • 03.09.2025 23:30
  • 2k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi.

Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy. Şonuň netijesinde Grok Code Fast 1 meşhur IDE-e goşulyp, grep gurallary, terminal we redaktorlar bilen işleýär.
Ulgam Python, TypeScript, Java, Rust, C++ we Go dillerini goldaýar. Ol taslamalary noldan döretmäge, kod bazasynyň gurluşyny seljermäge we ýalňyşlyklary düzetmäge ukyplydyr. SWE-Bench-Verified synagynda modeliň netijesi 70,8% boldy.
xAI modeli işläp taýýarlamakda programmistleriň seslenmeleriniň möhüm rol oýnandygyny belledi.
Işläp düzüjiler jogap tizligine aýratyn üns berdi. Täze keş we hyzmat usullary, köp gural ulanmaly bolsa-da, ulgama şol bada diýen ýaly işlemäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa her birnäçe günden täzelenme çykarmagy meýilleşdirýär. Indiki wersiýa giňeldilen kontekste we parallel gurallaryň goldawyna eýe bolar. Şeýlelikde, xAI gönüden-göni GitHub Copilot we Codex bilen bäsleşýär.
Grok Code Fast 1 ilkinji ulanyjylar üçin hepdäniň dowamynda GitHub Copilot, Cursor, Cline, Roo Code, Kilo Code, Opencode we Windsurf hyzmatdaşlyk platformalary arkaly mugt bolar. Synag döwründen soň ony API arkaly ulanmagyň bahasy million giriş tokeni üçin 0,20 dollar, million çykyş tokeni üçin 1,50 dollar we million keşlenen tokenler üçin 0,02 dollar bolar. Mundan başga-da, kompaniýa täze model üçin prompt döretmek boýunça gollanma hödürledi.   


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......