Google-yň AI-si açyk programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ilkinji gezek özbaşdak kesgitledi

  • 09.08.2025 14:44
  • 1.6k+

Google-yň emeli aňy ilkinji gezek açyk programma üpjünçiliginde (Open Source) özbaşdak 20 gowşaklygy ýüze çykardy. Bu barada Google-yň howpsuzlyk boýunça wise-prezidenti Hizer Adkinsiň X sosial ulgamynda beren beýanyna salgylanýan TechCrunch habar berdi.

Kemçilikler, Big Sleep ulgamynyň kömegi bilen, FFmpeg multimedia kitaphanasy we ImageMagick grafika redaktory ýaly taslamalarda tapyldy.
Big Sleep ulgamy DeepMind bölümi we bilermenleriň Project Zero kiberhowpsuzlyk topary tarapyndan bilelikde döredildi. Tapylan gowşak ýerler barada entek jikme-jiklikler aýdylmady, sebäbi entek olar düzedilmedi. Şeýle-de bolsa, Big Sleep-iň üstünlikli işi AI gurallarynyň hakykatdanam amaly netijeleri berip başlandygyny tassyklaýar. Kompaniýanyň wekili Kimberli Samranyň sözlerine görä, her bir kemçilik, adam gatyşmazdan, emeli aň tarapyndan tapyldy we dile getirildi. Şeýle-de bolsa, hasabat ibermezden ozal, hünärmenler ähli maglumatlary ýene bir gezek barladylar.
Google-yň inženerçilik boýunça wise-prezidenti Roýal Hansen bu üstünligi gowşak goragy awtomatik gözlemekde öňe gidişlik diýip atlandyrdy. Şol bir wagtyň özünde Big Sleep şunuň ýaly ýeke-täk gural däl. Bazarda RunSybil we XBOW ýaly beýleki AI ulgamlary hem bar. Soňkusy gowşak goragy gözlemeklige  ýöriteleşen HackerOne platformasynda birinji ýerde durýar.
RunSybil-iň esaslandyryjysy we tehniki direktory Wlad Ionesku Big Sleep-i çynlakaý we oýlanyşykly taslama hökmünde häsiýetlendirdi we onuň aňyrsynda tejribeli hünärmenleriň durandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol barha ulalýan  bir meseläniň bardygyny belläp geçdi: käbir AI ulgamlary hakyky gowşaklyklary simulýasiýa edip ýalan hasabatlary döredýär. Onuň sözlerine görä, işläp düzüjiler ynandyryjy görünýän habarlary has köp alýarlar, ýöne hakykatda ol ýerde ýalňyşlyklar ýok bolup çykýar. Ol bu hadysany Bug Bounty -  tapylan ýalňyşlyklar üçin sylaglar programma ulgamyndaky sanly "zibil" diýip atlandyrdy.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......