Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi

  • 10.08.2025 14:19
  • 2.8k+

Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler.

GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär. Model öňki çatlaryň mazmunyny göz öňünde tutýar, bu hem netijäniň has takyk we şahsy bolmagyna kömek edýär. Ýöne ýokary jikme-jiklik sebäpli ol DALL-E 3-den haýal işleýär. Microsoft çalt döredijilik üçin DALL-E 3-i ulanmagy maslahat berýär.
Hyzmatda 15 suraty tölegsiz çalt döredip bolýar. Şondan soň suratlar adaty tizlikde mugt döredilýänçä garaşmak ýa-da her bir surat üçin Microsoft Rewards-dan 10 bal tölemek bolar. Adaty tizlikde surat döretmek çäklendirilmedik we mugtdur.
Ulanyjylar bir Image Creator interfeýsinde GPT-4o bilen DALL-E 3-i üýtgedip durup bilýär. Funksiýa Bing mobil goşundysynda, Edge brauzerinde we Bing gözleg setirinde hem elýeterlidir.
Eger ulanyjyda Free, Plus, Pro ýa-da Team wersiýalarda ChatGPT bar bolsa, ol eýýäm GPT-4o-nyň kömegi bilen surat döredip biler.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......