Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi

  • 12.09.2025 17:47
  • 1.5k+

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň esasyndaky önümleri üçin üç möhüm täzelenme hödürledi.

Esasy täzelik Gemini çat-botunyň audio ýazgylaryna düşünip, olary tekste öwrüp bilmegi boldy. Indi ulanyjylar transkribasiýa üçin audiofaýllary ýükläp bilýär. Mugt ulanyjylar 10 minut dowam edýän ýazgylary ýükläp, günde bäş gezek ýüz tutup biler. AI Pro we AI Ultra ýazylyşyklarynyň eýeleri üç sagada çenli dowam edýän ses ýazgylaryny işläp biler. Ulgam dürli formatlarda 10 faýly, şol sanda ZIP arhiwlerini goldaýar.
Mundan başga-da, “Google Gözleg” EA režimi indi bäş dilde elýeterli: hindi, indoneziýa, ýapon, koreý we braziliýalylaryň portugal dili. Bu Gemini 2.5-iň “Gözlege” goşulmagy netijesinde mümkin boldy.
Gemini-niň esasynda işleýän NotebookLM programma üpjünçiligi hem indi okuw gollanmalaryny, gysga synlary, blog üçin postlary, ulanyjy tarapyndan ýüklenen resminamalaryň, faýllaryň we beýleki medialaryň esasynda fleş-kartlary we wiktorinalary döredip bilýär. Funksiýalar 80-den gowrak dilde elýeterli bolup, ulanyjylar hasabatyň formatyny, äheňini we stilini sazlap biler. Täzelenme hepdäniň ahyryna çenli doly elýeterli bolar diýlip garaşylýar.
Bu üýtgeşmeler Google-yň soňky bir aý bäri girizýän täzelenmeleriniň bir bölegidir. Ozal Gemini ulanyjy isleglerini awtomatik ýatda saklap başlady, mugt ulanyjylar bolsa wideo döretmek üçin Vids guralyna we Google Photos-da suratlardan gysga wideo döretmek funksiýasyna elýeterli boldy. 


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....