Apple kompaniýasy Siri üçin hususy EA gözleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

  • 06.09.2025 16:55
  • 1k+

Apple geljek ýyl emeli aňyň esasynda gözleg ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

Agentligiň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň içinde taslama World Knowledge Answers adyny göterýär. Täze hyzmat Siri ses kömekçisine birleşdiriler we ýazda ulgamyň täzelenmegi bilen birlikde peýda bolar. Şeýle-de, ony Safari brauzerine we iPhone-yň baş ekranynda gözleg üçin ulanylýan Spotlight guralyna goşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bloomberg Apple-iň Google Alphabet-iň bölümçesi bilen hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirýändigini belleýär. Kompaniýa Google-yň emeli aň modelini synagdan geçirip, onuň Siri üçin netijeliligine baha bermek isleýär. 


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......