OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

  • 05.09.2025 10:35
  • 1.2k+

OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär. Hindistan eýýäm dünýä derejesindäki tehnologiýa kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi: bu ýerde Microsoft, Google we Aziýanyň iň baý adamy şeýle taslamalary ösdürmek bilen meşgullanýar.
Taslamanyň ýerleşjek ýeri we durmuşa geçiriljek möhleti barada entek maglumat ýok. Habar çeşmeleri OpenAI-iň baş direktory Sem Altmanyň şu aýda Hindistana sapary wagtynda bu taslamany yglan edip biljekdigini, ýöne gutarnykly çözgüdiň heniz kabul edilmändigini belleýär.
Täze merkez 500 mlrd dollarlyk Stargate taslamasynyň bir bölegi bolar. Onuň çäklerinde OpenAI eýýäm SoftBank Group we Oracle bilen bilelikde 4,5 gigawatt kuwwatly desgalary gurdy.
Hindistandaky kärhana kompaniýa şahsylaşdyrylan çat-botlary ösdürmäge we maglumatlaryň ýurtdan daşary çykmagy bilen bagly aladalary azaltmaga kömek etmeli. Şeýle-de, OpenAI Hindistan üçin dil modellerini döretmäge gönükdirilen 1,2 mlrd dollarlyk IndiaAI Mission başlangyjynyň çäklerinde federal hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.


düýn 08:04
6.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......