ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp

  • 18.08.2025 19:32
  • 3.1k+

OpenAI-iň ChatGPT ykjam goşundysy 2023-nji ýylyň maý aýynda işläp başlany bäri 2 milliard dollar gazandy. Bir ýükläp gurnamadan ortaça girdeji 2,91 dollar boldy. Bu barada Appfigures kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch ýazýar.

Esasy ösüş 2025-nji ýylda boldy: şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda goşundy 1,35 milliard dollar getirdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 673% köpdür. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu mukdar Grok, Copilot we Claude ýaly bäsdeşleriň umumy girdejisinden, takmynan, 30 esse köpdür.
Ortaça ChatGPT aýda 193 million dollar getirýär. Deňeşdirmek üçin, xAI-den Grok bary-ýogy 3,6 million dollar gazanýar, bu bolsa ChatGPT-niň görkezijileriniň 1,9%-ine deňdir. Tapawut her ýükleme hasabynda-da aýdyň görünýär: ChatGPT-niň 2,91 dollary Grok-yň 0,75 dollaryna we Copilot-yň 0,28 dollaryna garşy çykýar.
ABŞ goşundynyň iň uly bazary boldy (girdejiniň 38%-i), onuň yzyndan Germaniýa (5,3%) gelýär. Goşundy, esasan, Hindistanda köp gurnaldy – 13,7%. ChatGPT-ni ýüklemeleriň umumy sany 690 milliona ýetdi, Grok-yň bu görkezijisi 39,5 milliondyr.
2025-nji ýylda ChatGPT 318 million gezek ýüklendi, bu geçen ýylky görkezijiden 2,8 esse köpdür. Ýüklemeleriň ortaça aýlyk sany 180% ýokarlanyp, 45 milliona ýetdi. Belläp geçsek, Grok ilkibaşda mobil segmentinde yza galdy: iOS üçin goşundy diňe 2025-nji ýylyň ýanwarynda, Android üçin martda peýda boldy. Bilermenler bu görkezijileriň diňe ykjam gurluşlardan alnan girdejini görkezýändigini we web-ýazylyşyklary hem API-ni göz öňünde tutmaýandygyny belleýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
994

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......