Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy

  • 22.08.2025 18:51
  • 7k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tötänleýin ýüzlerçe müň ulanyjynyň Grok çat-boty bilen ýazyşan söhbetlerini açyk elýeterlilige hödürledi. Köp ulanyjylar öz söhbetdeşliginiň köpçülige ýaýrap biljekdigini bilmeýärdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi.

Çat-bot bilen gürrüňdeşlikleri Google, Bing we DuckDuckGo gözleg ulgamlarynda tapyp bolýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, syzma “Paýlaşmak” düwmesi bilen baglanyşykly. Ulanyjylar öz söhbetdeşligi üçin ssylkalary poçta ýa-da messenjerler arkaly paýlaşan bolsa, bu sahypalar gözleg ulgamlaryna düşüp bilýär.
Google-da Grok bilen 370 müňden gowrak söhbetdeşlik ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda şahsy we emosional maglumatlar, lukmançylyk maglumatlary, ýüklenen resminamalar, suratlar we azyndan bir parol bardy.
Şol bir wagtyň özünde, X sosial ulgamyny ulanyjylar 2025-nji ýylyň ýanwarynda Google-yň Grok-da hat alyşmalary indeksleýändigini ýazypdy.
xAI-de Forbes-iň ýüzlenmesine jogap berilmedi.
Awgust aýynda şeýle mesele ChatGPT-de hem ýüze çykypdy. Gözleg ulgamynda ulanyjylaryň paýlaşan gürrüňdeşlikleri peýda boldy. KHBS-de ýaýrandan soň, OpenAI kompaniýasy funksiýany öçürip, onuň synag režiminde işländigini we “kontentiň tötänleýin ýaýramagy üçin has köp mümkinçilik döredendigini” aýtdy. Şol gün Ilon Mask bu ýagdaýa seslenip, X sosial ulgamynda “Grok üstün gelýär” diýip ýazdy. Grok akkaunty şol wagt onuň şeýle funksiýasynyň ýokdugyny aýdypdy.


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......