7.8k+

70-nji ýyllaryň jinsi jalbarlary moda dolanyp geldi: 2026-njy ýylda esasy trend boljak görnüşler

Jinsi jalbarlary dörän gününden bäri garderobyň esasy bölegi bolmagynda galýar. Edil şonuň ýaly,  olaryň modasy hem beýleki trendler bilen birlikde ösýär. Şoňa görä, Real Simple žurnaly professional stilistleriň 2026-njy ýylda haýsy görnüşli  jinsi jalbarlaryň moda boljakdygy we haýsy stillere üns bermelidigi barada çaklamalaryny paýlaşdy...

5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

7.5k+

Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin

Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi...

13k+

Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi...

16k+

TM CELL we Türkmentelekom hemişe onlaýn bolmagyňyz üçin internete elýeterliligi giňeldýär

Türkmenistanda dünýä meýillerine eýerilip, hünärmenlere we adaty ulanyjylara aragatnaşyk üçin çykdajylaryny netijeli dolandyrmaga hem-de hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Ykjamlygy halaýan ulanyjylar üçin «TM CELL» («Altyn Asyr» ÝGPJ) milli operatory internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär...

4.3k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

8.2k+

Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi...

3.6k+

Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi

Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar...

4.2k+

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

2.9k+

«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy

«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi. Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy...

8.7k+

Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär...

13k+

Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär...

1.6k+

Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar...

2.2k+

Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar...

11k+

YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady

Bloger we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisini mümkin boldugyndan takyk gaýtalap bilendigini aýtdy. Ol tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz YouTube kanalynda ýerleşdirdi.   Bir hepdeden az wagtyň içinde wideo 5,3 mln tomaşa we 21 müňden gowrak teswir ýygnady...

1.9k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär...

1.5k+

Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi...