Zenanlar LEAF-y saýlaýar: Nissan ykjam awtoulaglaryň arasynda öňdebaryjy boldy

  • 17.01.2026 14:32
  • 1.8k+

Nissan kompaniýasy täze Nissan LEAF-yň Women’s Worldwide Car of the Year (WWCOTY) tarapyndan «Iň gowy ykjam awtomobil» adyny alandygyny habar berdi. Bu awtomobillere ýöriteleşýän diňe zenan žurnalistler tarapyndan berilýän ýeke-täk awtomobil baýragydyr. 

Baýrak awtoulaga howpsuzlyk, hil, baha, dizaýn, sürmekde rahatlyk, funksiýa we daşky gurşawa täsiri ýaly esasy ölçegler boýunça baha berýär.
Düýbünden täze LEAF süýri dizaýna, artdyrylan ýol ätiýajy bilen kämilleşdirilen elektrik güýç enjamyna – 52 ýa-da 75 kWt/sag sygymly akkumulýatora – awtomobili ynamly dolandyrmak üçin ulanmakda aňsat tehnologiýalara eýe boldy.
Gündelik rahatlyk üçin LEAF Google built-in hyzmatlary, şol sanda Google Maps, programma ýüklemek üçin Play Store we Google Assistant bilen üpjün edildi. Bu eliňi ulanmazdan, nawigasiýany, klimaty we multimediýany dolandyrmaga, şeýle-de şahsy programmalary sinhronizasiýa etmäge mümkinçilik berýär.

«WWCOTY tarapyndan ykrar edilmek biziň elektromobilleri ähli sürüjiler üçin elýeterli we özüne çekiji etmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýar» – diýip, Nissan-yň prezidenti we baş direktory Iwan Espinosa belledi. 


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....