«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar

  • 16.01.2026 16:18
  • 19k+

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler. Bu taryhy duşuşygy ýokary derejede guramak, daşary ýurtly myhmanlar, toparlar, eminler we janköýerler üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 500 meýletinçi talyby uly taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Ýokary okuw mekdebinden berlen maglumata görä, meýletinçileriň işi birnäçe ugurlar boýunça bölünipdir:

  • Daşary ýurt wekilleri bilen işleşmek: Daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat topar döredildi.
  • Media goldawy: Duşuşygyň köpçülikleýin habar beriş sergilerinde beýan edilmegi üçin «sport žurnalistikasy» hünärinde okaýan 15 talypdan ybarat meýletinçi media topary döredildi.
  • Ulgamlaýyn utgaşdyrma: Meýletinçileriň işine institutynyň 50 sany tejribeli mugallymy ýolbaşçylyk edýär.

13 — 22-nji ýanwar aralygynda meýletinçiler üçin ýörite okuw sapaklary geçirilýär. Talyplara meýletinçilik etikasy, janköýerler bilen aragatnaşyk saklamagyň düzgünleri, hyzmat ediş medeniýeti, howpsuzlyk talaplary we adatdan daşary ýagdaýlarda edilmeli hereketler öwredilýär. Şeýle hem olar halkara sport protokoly bilen jikme-jik tanyşdyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde duşuşygy halkara standartlara laýyklykda geçirmek boýunça guramaçylyk işleri güýçli depginde dowam edýär.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......