YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady

  • 16.01.2026 17:15
  • 11k+

Bloger we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisini mümkin boldugyndan takyk gaýtalap bilendigini aýtdy. Ol tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz YouTube kanalynda ýerleşdirdi.  

Bir hepdeden az wagtyň içinde wideo 5,3 mln tomaşa we 21 müňden gowrak teswir ýygnady.
Armstrong içgini analiz etmek üçin barlaghana enjamlaryny, şol sanda mass-spektrometrleri ulandy. Olaryň kömegi bilen Coca-Cola aýry-aýry himiki birleşmelere dargadyldy. Alnan maglumatlaryň esasynda bloger tejribä başlap, birnäçe aýyň dowamynda resepti hakyky içgä ýakyn etmek üçin düzümiň üstünde işledi.
Onuň maglumatlaryna görä, içginiň 99%-i adaty goşundylardan – şekerden, fosfor turşusyndan we kofeinden ybarat. Onuň tagamynda esasy roly efir ýaglarynyň garyndysy oýnaýar. Seljerme sitrus miwelerinden alfa-terpineniň, dalçyndan sinnamaldegidiň, şeýle-de muskat hozy we koriandr üçin mahsus birleşmeleriň bardygyny görkezdi.
Möhüm tapgyr guraklyga we agzyňy gamaşdyrýan tagama jogap berýän çakyr taninleriniň we arassalanan koka ýapraklarynyň ekstraktynyň ýüze çykarylmagy boldy. Bloger bu komponenti çaý agajynyň ýagy bilen çalyşdy.
Armstrong alnan şiräniň himiki taýdan hakyky içgä meňzeşdigini nygtaýar. Ol netijede alnan içgini Lab-Cola diýip atlandyrdy. Reseptiň üstünde işlemek tas bir ýyl wagt aldy. Görmezden dadyp görmäge gatnaşan adamlar tejribe görnüşini dükandakydan tapawutlandyryp bilmedi. Käbirleri hatda blogeriň döreden görnüşini has halady. 

şu gün 09:33
2.5k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
786

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
3.4k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
9k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....