HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi

  • 17.01.2026 14:30
  • 4.7k+

2025-nji ýylda dünýäde her bäşinji ýaş adam ne okuw, ne-de iş bilen meşgullandy. Şeýle maglumatlar Halkara zähmet guramasynyň (HZG) häzirki ýyl üçin hasabatynda saklanýar.

Hasabata görä, bilim, iş ýa-da hünär taýýarlygy bilen meşgullanmaýan ýaşlaryň paýy 20%-e ýetdi. HZG-niň bilermenleriniň hasaplamalary boýunça, bu 257 million adamyň geljekki karýeralary üçin möhüm bolan bilim we tejribe almak mümkinçiliginden mahrum bolandygyny aňladýar.
Bu görkeziji 2023-nji ýyldan bäri ýokarlanýar we guramanyň çaklamasy boýunça, 2027-nji ýyla çenli ortaça ýokarlanmagyny dowam etdirer. Girdejisi ýokary bolan ýurtlarda işsiz we okuwsyz ýaşlaryň paýy 10,9%-e, pes girdejili döwletlerde 27,9%-e deň.
HZG-niň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň jemi boýunça dünýäde işsizligiň ortaça derejesi 2025-nji ýyldaky derejesinde galar we 4,9% bolar, işsiz adamlaryň sany bolsa 186 milliona ýeter.
Baý ýurtlarda iş orunlarynyň sany 0,5%, garyp ýurtlarda 3,1% artar. Bu işe ukyply ýaşdaky adamlaryň sany azalýan barly ýurtlarda ilatyň garramagy bilen baglanyşyklydyr. Ýewropada işsizlik 5,5% derejesinde saklanar, ABŞ-da we Kanadada bolsa onuň orta möhletli geljekde ýokarlanmagyna garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, işiň bolmagy mynasyp girdejini kepillendirmeýär: 300 million töweregi adam günde 3 dollardan az gazanýar. Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň köp ýurtlarynda ilatyň ýarysyndan gowragy resmi däl işlerde zähmet çekýär.

düýn 23:57
1k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.5k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....