Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi

  • 17.01.2026 10:48
  • 3.6k+

Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi.

Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar.
EA Sports FC 26-da ýylyň iň gowy futbolçylary:

  • Janluiji Donnarumma («Mançester Siti») – 95;
  • Wirjil wan Deýk («Liwerpul») – 95;
  • Wilýam Saliba («Arsenal») – 94;
  • Žýul Kunde («Barselona») – 94;
  • Nunu Mendeş («PSŽ») – 97;
  • Deklan Raýs («Arsenal») – 94;
  • Witinýa («PSŽ») – 95;
  • Pedri («Barselona») – 95;
  • Usman Dembele («PSŽ») – 96;
  • Kilian Mbappe («Real» Madrid) – 96;
  • Erling Holand («Mançester Siti») – 97.

EA Sports FC 26-da «Ýylyň topary» bilen oýun wakasy 16-njy ýanwarda başlady. Oýunçylaryň täzelenen wersiýalary tapgyrlaýyn çykar: birinji bolup hüjümçiler, soňra ýarymgoragçylar, şondan soň goragçylar we derwezebanlar elýeterli bolar. Toplumlarda güýçlendirilen kartoçkalary tapmak ýa-da olary transfer bazarynda satyn almak 30-njy ýanwara çenli mümkindir.


şu gün 10:24
413

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.1k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......