Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi

  • 16.01.2026 17:59
  • 4k+

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär.

Festiwalyň maksatnamasy gyzykly we baý mazmunly boldy: gatnaşyjylar üçin ýörite türgenleşikler we usulyýet maşklary taýýarlandy. Ýaş futbolçylar topy dolandyrmagyň tilsimlerini kämilleşdirdiler, tizlik we hereketleriň utgaşyklygynyň üstünde işlediler, şeýle hem toparlaýyn oýun endiklerini türgenleşdirdiler. Kiçi meýdançalarda geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklary bolsa baýramçylygyň iň gyzykly pursatlaryna öwrülip, hem türgenlerde, hem-de tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň esasy maksady ýurdumyzda futboly wagyz etmek we ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek boldy.
Sport baýramynyň ahyrynda sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Festiwala gatnaşan her bir çaga Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol topy sowgat berildi.


düýn 23:46
1.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......