Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

  • 16.01.2026 22:23
  • 5.6k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Göwrümi 250 kub santimetre deň bolan benzinli motosikllerde geçirilen ýaryşlarda Serdar Mollamyradow we Begenç Annaýew çykyş etdiler. Olar motosikl tehnikasyny öndürýän dünýäniň iri kompaniýalary bolan «QJMotor», «CFMoto» we «KAYO» ýaly toparlaryň wekilleri bilen bäsleşdiler.
Elektromotosikllerdäki ýaryşlarda bolsa Türkmenistana Konstantin Fedoryçew we Karen Awagýan wekilçilik etdiler. Ýaryşlar gaty örtükli we ýokary tizlikli bölümlerden ybarat bolan çylşyrymly ýolda geçirildi. Bu bolsa tehnikanyň we türgenleriň taýýarlyk derejesine ýokary talaplary goýýar.
Toparyň Hytaýdaky işine «Kämil» klubunyň direktory, «Dakar — 2015» we «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdlerine gatnaşan tejribeli türgen, Türkmenistanyň sport ussady Şamyrat Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Onuň berýän bahasyna görä, Çunsindäki çykyşlar türgenler üçin 2026-njy ýylyň ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde möhüm tejribe boldy. Topar geljekde goňşy döwletleriň açyk çempionatlaryna hem işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....