Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi

  • 17.01.2026 14:21
  • 13k+

Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy.

25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi. Bu döwürde ol jemi 130-dan gowrak duşuşykda meýdança çykdy, şolaryň 70-den gowragy ýokary ligadaky oýunlardyr. Jumaýew klublar derejesinde 4 gol geçirip, 6 asist etdi. Tertip-düzgün babatda-da tapawutlanan futbolçy karýerasy boýunça bary-ýogy 10 sary we 1 gyzyl kart aldy.
Soňky oýnan kluby bolan Belarusyň «Witebsk» toparynda Wepa Jumaýew 2024-nji ýyldan bäri çykyş edip, bu döwürde 42 duşuşykda meýdança çykdy we 2 asist berdi. Şeýle-de, ol ozal «Lokomotiw Gomel» hem-de «SKA-1938 Minsk» klublarynyň düzüminde hem  çykyş edipdi.
Jumaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde häzirki wagta çenli 6 oýunda çykyş edip, 1 gol geçirdi. Bellenilişi ýaly, ol milli ýygyndynyň esasan myhmançylykdaky duşuşyklaryna gatnaşýar we ýygyndy derejesinde entek kart almady.
«Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, goragçynyň häzirki bazar bahasy 100 müň ýewro diýlip görkezilýär.


şu gün 17:49
584

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

şu gün 15:45
3k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

düýn 17:32
5k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
8.2k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......