70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

  • 02.06.2026 17:32
  • 6.9k+

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler.

Guramaçylar bu dabarany adaty ýeri bolan Parižden Beýik Britaniýanyň paýtagtyna geçirdiler. Bu waka 1956-njy ýylda bu abraýly baýragy ilkinji bolup alan Stenli Metýuse hormat nyşanynyň alamatydyr.

Ser Stenli Metýus dünýä futbol taryhyndaky iň beýik sag gapdal hüjümçileriň biri hasaplanýar. Ol "Altyn topy" alan wagty 41 ýaşyndady we häzirki wagta çenli hem bu baýragy alan iň ýaşuly futbolçy bolmagynda galýar. "France Football" žurnalynyň taryhdaky ilkinji ses berişliginde Metýus Alfredo Di Stefanodan öňe geçipdi.

Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylda erkekleriň arasynda "Altyn topy" "PSŽ-niň" ýarymgoragçysy Usman Dembele, zenanlaryň arasynda bolsa "Barselonanyň" futbolçysy Aýtan Bonmati gazanypdy.


düýn 15:58
8.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......