Synaglaryň netijeleri boýunça alty ugurda 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglary belli boldy

  • 17.01.2026 13:45
  • 5.5k+

Euro NCAP guramasy öz synaglarynyň netijesi boýunça Mercedes-Benz CLA ulagyny 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtomobili diýip yglan etdi. Model ykjam maşgala ulaglarynyň kategoriýasynda-da öňdebaryjy boldy.

Geçen ýyl Euro NCAP üçin synagdan geçirilen awtomobilleriň sany boýunça iň işjeň ýyl boldy. Gurama sürüji üçin döwrebap kömek ulgamlary bilen üpjün edilen köp sanly elektromobilleri we modelleri synagdan geçirdi. Dürli kategoriýalarda iň gowy netijeleri görkezen ulaglar şular boldy: MINI Cooper E (şäher awtomobilleri we supermini), Tesla Model 3 (uly maşgala awtomobili), Tesla Model Y (ykjam SUV), smart #5 (uly SUV) we Polestar 3 (biznes-klas).
Reýting ulularyň we çagalaryň goragyny, pyýadalaryň we welosipedçileriň howpsuzlygyny, şeýle-de elektron kömekçileriň işleýşini göz öňünde tutýan ahyrky bahanyň esasynda düzülýär. Sanawa diňe howpsuzlyk ulgamlarynyň esasy toplumyna eýe bolan bäş ýyldyzly modeller girdi.
Mercedes-Benz CLA ulularyň goragy üçin 94% we pyýadalaryň hem welosipedçileriň howpsuzlygy üçin 93% baha aldy. Çagalaryň goragynda model 89% netijeliligi, sürüjä kömek ulgamlary bolsa 85% netijeliligi görkezdi.
Tesla Model 3 we Model Y çagalaryň goragy üçin 93% aldy. Şol bir wagtyň özünde, Model Y Safety Assist boýunça hem 92% netije görkezdi. Elektron kömekçileriň kategoriýasynda şular ýaly 92% netijäni smart#5 hem görkezdi. Ol ulularyň goragy üçin 88% aldy. MINI Cooper E uly ýaşly ýolagçylaryň goragy üçin 89%, sürüjä kömek ulgamlary üçin 79% aldy. Polestar 3 ulularyň goragynda 90% we çagalaryň goragynda 93% netije görkezdi.
Euro NCAP şeýle reýtingiň alyjylara dürli modelleriň howpsuzlygyny bir umumy usulyýet boýunça deňeşdirmäge kömek edýändigini belleýär. Gurama Ýewropa barlaghanalarynda manekenleri ulanmak bilen hakyky heläkçilikleri (maňlaý, gapdal urgulary, sütüni süsmek) ýasap, awtomobilleri synagdan geçirýär, işjeň howpsuzlyk ulgamlaryny (awtomatik tormoz, zolagy saklamakda kömek) we çagalary hem pyýadalary goramak ulgamlaryny barlap, şikes töwekgelçiligine we ulgamlaryň netijeliligine baha berýär. Synaglaryň netijesinde ulaglara ýyldyz reýtingleri berilýär.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....