Portugaliýaly sazanda saksofonda 33 sagat saz çalyp, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 17.01.2026 10:44
  • 2.8k+

Portugaliýaly saksofonçy Elwis Nunýes Souza saksofon çalmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda onuň Madeýranyň Häzirkizaman sungat muzeýinde 33 sagatlap çykyş edendigi aýdylýar.

Repertuara 73 kompozisiýa girdi: fransuz awtorlarynyň owazlary, «Gülgüne babyrdan» saz, Lui Armstrongyň we Barbara Streýzandyň aýdymlary.
Sazanda her sagatda 5 minutlyk gysga arakesme almaga rugsat berildi, ýöne ol 20 minut dynç almak üçin 4 sagat arakesmesiz çykyş etmegi saýlady. Ol arakesme wagtynda arassa howadan dem almaga çykdy, garbandy ýa-da oňa massaž etdiler. 

Şol bir wagtyň özünde, ol çykyş bilen bagly seýrek bellikleri hasaba almasaň, gürlemezlige çalyşdy.

«Men halys ysgyndan gaçdym, zordan bir zatlar diýip bilýärin. Ýadawlyk, gürrüňsiz, iň esasy kynçylyk boldy» – diýip, sazanda Diário de Notícias da Madeira neşiri bilen söhbetdeşlikde öz rekordyna teswir berdi.

Interwýu gutarandan we ähli suratlar düşürilenden soň, sazanda öz saksofonyny futlýara salyp, täze üstünliginden we elbetde, birnäçe sagatlyk ümsümlikden hem dynç alyşdan lezzet almak üçin öýüne gidip bildi.
Öňki rekord hindistanly saksofonçy Maýsur Saýnathi Subbalakşmä degişlidi. 2023-nji ýylyň fewralynda ol saksofonda 26 sagat 23 minut çaldy. Indi Elwis bu netijeden 7 sagat öňe geçip, geljekki dalaşgärler üçin täze synag goýdy. 


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....