70-nji ýyllaryň jinsi jalbarlary moda dolanyp geldi: 2026-njy ýylda esasy trend boljak görnüşler

  • 17.01.2026 15:07
  • 7.8k+

Jinsi jalbarlary dörän gününden bäri garderobyň esasy bölegi bolmagynda galýar. Edil şonuň ýaly,  olaryň modasy hem beýleki trendler bilen birlikde ösýär. Şoňa görä, Real Simple žurnaly professional stilistleriň 2026-njy ýylda haýsy görnüşli  jinsi jalbarlaryň moda boljakdygy we haýsy stillere üns bermelidigi barada çaklamalaryny paýlaşdy. Çaklamalara görä, täze möwsüm klassiki we döwrebap görnüşleri birleşdirer.

Giň biçüwli jinsi jalbarlar bu ýyl hem ýörgünli bolmagynda galýar. Bu stil dar jinsi jalbarlaryň ornuny tutdy we indi birnäçe möwsüm bäri meşhurlygyny saklap  galýar.
Manžetli jinsi jalbarlar moda dünýäsine 1990-njy ýyllaryň we 2000-nji ýyllaryň başlaryndaky stili gaýtaryp getirýär. Jalbaryň uzynlygyny we görnüşini üýtgetmäge mümkinçilik berýän bu usul geýen kişiniň üýtgeşik kösenmezden göze gelüwli görünmegine kömek edýär.
Bezegli jinsi jalbarlar ýene modada. Gaş, nagyş we demir bilen bezelen jinsiler gündelik birsyhly keşbe ýagtylyk goşýar. Şeýle-de bu görnüş gündiz hem agşam geýmäge-de ýaramlydyr. Bularyň arasyna zolakly futbolklary ýa loferleri goşsaň, gutarnykly sazlaşan görnüşe emele gelýär.
Solgunrak, goýy hem gara reňkli ykjam jinsiler ýyrtyk jinsileriň ornuny eýeläp barýar. Bu görnüş geýeni agras görkezýär we ol hatda iş şertlerinde hem geýmek üçin hem amatly.
Klassik biçüwli we  göni çyzykly jinsiler geçen asyryň ortalaryndaky şekilleri ýatladýar. Gowy ýeri, olar giňräk poplin köýnekler ýa-da ykjam bleýzerler bilen geýseň hem gelişýär. Bularyň üstüne zolakly futbolkany hem loferi goşsaň, onda gutarnykly sazlaşan görnüş emele gelýär.
Retro stil ýene-de moda dolanýar. Gonjy klýoş ýa-da çala klýoş biçüwli jinsiler giň geýmegi halaýan, ýöne şol bir wagtda-da saýlanmak hem döwrebap görünmek isleýänleriň göwnünden durýar.
Garym-gatym reňkli, işlenmedik denimden tikilen jinsiler döwrebaplykdan yza galmaýan, şeýle hem başgalardan üzül-kesil saýlanmak isleýänleriň garderobyna özboluşlylyk çaýar. Bu möwsümde köp reňkli we ýamak elementli jinsilere has köp isleg bildiriler.

11.06.2026 13:03
6.8k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....