Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

  • 17.01.2026 08:43
  • 4.3k+

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany SPECA hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......