Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

  • 17.01.2026 13:23
  • 4.2k+

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi.

Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar.  
Classic LS MagFit atly daşlyk berk termoplastik poliuretandan we polikarbonatdan ýasaldy. Ol bir reňkde – Apple-iň ilkinji enjamlaryndaky ýaly süýt-ak reňkde elýeterlidir. Şol bir wagtyň özünde, aksessuar iPhone-yň häzirkizaman funksiýalary bilen doly gabat gelýär: ol MagFit halkasy we hereketler bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän «tutma düwmesinde» sensor gapak bilen üpjün edildi.
Classic LS MagFit diňe iPhone 17 Pro we 17 Pro Max modelleri bilen gabat gelýär. Ony 60 dollar bahadan Spigen-iň resmi saýtynda satyn alyp bolýar. 


02.03.2026 22:21
4.8k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...