Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

  • 17.01.2026 15:28
  • 7.7k+

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär.

Amallaryň agramly bölegi terminallar arkaly amala aşyrylyp, onuň möçberi 16 milliard 839 million manada deň boldy. Şeýle hem, beýleki sanly ulgamlar arkaly aşakdaky görkezijiler hasaba alyndy:

  • «Elektron söwda» ulgamy: 2 milliard 634 million manatdan gowrak;
  • Bankomatlar arkaly tölegler: 498 million 684 müň manatdan gowrak;
  • «Milli sanly töleg ulgamy» (Halkbank terminallary): 221 million 407 müň manatdan gowrak;
  • «Mobil bank» hyzmaty: 42 million 102 müň manatdan gowrak;
  • «Internet bank» ulgamy: 6 million 843 müň manatdan gowrak.

Bu görkezijiler ýurdumyzda sanly tölegleriň işjeň ulanylýandygyny we nagt däl dolanyşygynyň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösýändigini görkezýär.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......