TM CELL we Türkmentelekom hemişe onlaýn bolmagyňyz üçin internete elýeterliligi giňeldýär

  • 17.01.2026 13:50
  • 16k+

Türkmenistanda dünýä meýillerine eýerilip, hünärmenlere we adaty ulanyjylara aragatnaşyk üçin çykdajylaryny netijeli dolandyrmaga hem-de hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän çözgütler işjeň ornaşdyrylýar.

Ykjamlygy halaýan ulanyjylar üçin «TM CELL» («Altyn Asyr» ÝGPJ) milli operatory internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Şu günki günde işjeň ulanyjylar üçin iň amatly çözgütleriň biri hem 20 GB möçberindäki internet-bukjasydyr. Onuň serişdeleri agramly wideo-kontentler, grafiki maketler bilen amatly işlemäge, wideo-maslahatlara gatnaşmaga we ýurdumyzyň islendik nokadynda taslamalary dolandyrmaga doly mümkinçilik berýär.
Internet-bukjasyny *0850*200# USSD-buýrugyny ulanmak arkaly smartfondan birnäçe sekundyň dowamynda birikdirip bolýar. Beýleki nyrhnamalar baradaky giňişleýin maglumatlar «TM CELL» operatorynyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Şol bir wagtyň özünde, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öýüň ýa-da edara-kärhananyň daşynda durnukly we çäksiz internete mätäç bolanlar üçin «TELECOMWIFI» simsiz ulgamyny ösdürmek arkaly mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu şäheriň gelşikli künjeklerinde ýa-da dynç alyş pursatlarynda işlemegi makul bilýän hünärmenler we döredijilik adamlar üçin iň amatly saýlawdyr.
Häzirki wagtda ýokary tizlikli Wi-Fi hyzmaty paýtagtymyzyň «Berkarar», «Arkaç» we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezlerinde, şäher bazarlarynda hem-de «Altyn asyr» Gündogar bazarynda, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde, şeýle hem «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» şypahanalarynda elýeterlidir.
Nyrhnamalar ulgamy örän amatly görnüşde düzülendir. Internet hyzmatyna bir sagatlyk, bir gije-gündizlik ýa-da bir aýlyk möhlet bilen çäksiz birigip bolýar. Şypahanalarda bolsa 10 günlük ýörite amatly nyrhnamalar hem göz öňünde tutulandyr.
Hyzmatlaryň nyrhy we ähli nokatlaryň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumatlary saýtyndan tapyp bilersiňiz. Goşmaça soraglar boýunça 071 belgili goldaw gullugy kömege taýýardyr.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......