Ak tam daşary ýurt çipleriniň importyna 25% gümrük pajyny girizdi

  • 17.01.2026 11:14
  • 2.2k+

Birleşen Ştatlar 14-nji ýanwardan başlap ýarymgeçirijileriň importyna 25% möçberde gümrük pajyny girizdi. Bu barada Ak tamyň metbugat gullugy Prezident Donald Trampyň yglan eden jarnamasynyň tekstini neşir etmek bilen habar berdi.

Gürrüň «ösen» mikroshemalar we şuňa meňzeş önümler barada gidýär. Şol bir wagtyň özünde, kadadan çykmalar göz öňünde tutulýar: eger çipler ABŞ-da önümçiligi, maglumat merkezleriniň işini giňeltmek, startaplara goldaw bermek ýa-da ylmy gözlegleri geçirmek we işläp taýýarlamalar üçin getirilýän bolsa, gümrük pajy alynmaz.
Prezident häzirki wagtda ABŞ-nyň zerur bolan ýarymgeçirijileriň diňe, takmynan, 10%-ini öndürýändigini, şonuň üçin ýurduň ykdysadyýetiniň daşary ýurt üpjün edijilerine ýokary derejede garaşlydygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu milli howpsuzlyk üçin töwekgelçilik döredýär.
Resminamada söwda ministri Goward Lýutnigiň iki tapgyrlaýyn meýilnamany durmuşa geçirip başlamagy maslahat berendigi bellenilýär. Ol ABŞ-nyň çäginde ýarymgeçirijileriň önümçiligine maýa goýjak daşary ýurt kompaniýalaryna goldaw bermegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa kem-kemden ýurduň importa garaşlylygyny azaldar. 


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......