Hans Simmer Garri Potter baradaky täze serial üçin saz döreder

  • 17.01.2026 10:38
  • 1.5k+

Kinokompozitor Hans Simmer we onuň Bleeding Fingers Music studiýasy HBO-nyň Garri Potter baradaky serialy üçin saz döretmek bilen meşgullanar. Saundtrek boýunça işler eýýäm başlandy diýip, Deadline ýazýar.

«“Garri Potteriň” saz mirasy dünýädäki kompozitorlar üçin nusga bolup hyzmat edýär we meniň üçin şeýle uly taslamanyň toparyna goşulmak uly mertebe» – diýip, Simmer we onuň studiýadan kärdeşleri Kara Talwe we Anže Rozman aýtdy. Olar täze sazyň ilkibaşdaky saundtreklere hormat goýjakdygyny we telewizion format üçin adaptirlenjekdigini belledi.

Simmer we onuň topary häzirki onýyllygyň iň köp garaşylýan taslamalarynyň biriniň üstünde işlemeli bolar. Bu eserler asyl filmlerdäki Jon Uilýams («Jadygöýiň daşy», «Gizlin otag», «Azkaban ýesiri»), Patrik Doýl («Alaw kubogy»), Nikolas Huper («Feniks ordeni», «Garri Potter we Gany garnuwly şazada») we Aleksandr Despla («Ölüm peşgeşi») tarapyndan döredilen sazlaryň näderejede meşhur bolandygyny göz öňünde tutsaň, has-da üýtgeşik bolmaly.
Hans Simmer 230-dan gowrak film, şol sanda «Soňky imperator», «Dýuna», «Şa Ýolbars» we «Şerlok Holms», şeýle-de HBO-nyň «Eýforiýa» serialy üçin saz döretdi.
Garri Potter baradaky geljekki serialda Dominik Maklaflin, Arabella Stenton, Alaster Staut, Paapa Essýedu, Jon Litgou we Janet Maktir oýnar. Ssenariçi we prodýuser Françeska Gardiner, birnäçe bölümiň režissýory we prodýuseri Mark Maýlod boldy, kitaplaryň awtory Joan Rouling bolsa ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş etdi. Premýera 2027-nji ýylda HBO we HBO Max-da bolar, jemi ýedi möwsüm göz öňünde tutulýar. 


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....