Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

  • 16.01.2026 23:47
  • 8.7k+

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär.

Bellenilişi ýaly, täze goşgular şahyryň dogduk mekany Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýan Seýdiniň çowlugy Hüýrpaşa enäniň çowlugy Aýjan gelnejeden alyndy. Goşgular 1969-njy ýylda Hüýrpaşa enäniň dilinden ýazylyp alnypdyr.  Hüýrpaşa enäniň agtygy Annasapar Eminowyň nesli häzirki wagtda Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýar. Onuň şahsy arhiwinde Seýitnazar Seýdiniň halk köpçüligine nätanyş bolan birnäçe şygyrlarynyň bardygy anyklanyldy.
Seýitnazar Seýdiniň täze tapylan goşgularynyň biri onuň Begmyrat atly batyr serkerdesine bagyşlanýar. Seýdiden 6-7 ýaş uly Begmyradyň özi-de şahyr bolupdyr. Ýeňil bolmadyk döwürde ýaşan Seýdi hyýanat zerarly käbir çaknyşykda ýeňlip, kynçylykly ýagdaýa sezewar bolýar. Annasapar Eminowyň şahsy arhiwinde nusgawy türkmen şahyry Zeliliniň kyn güne düşen dosty, serkerde şahyr Seýdä ýüzlenip ýazan «Hallaryň seniň» atly goşgusyna hem duş gelindi.
Awtor öz makalasynda arhiwde «Garabekewülde Ärlek diýen edenli ýigit bolupdyr. Ol talaňçylary yzyna kowýar. Seýdi ony taryplap «Ärlek» diýen şygryny ýazýar.» diýlen ýaly magumatlara hem gabat gelendiklerini belleýär. Gynansak-da,  şygyr doly saklanyp galmansoň, onuň diňe iki bendini ýazyp almak başardýar. Şeýle-de Hüýrpaşa enäniň hem-de onuň agtygy Annasapar Eminowyň maşgala ojagyndan Seýitnazar Seýdiniň «Ýar, seniň gurbanyň olsun», «Ýalan jahana», «Aman-nurbat, ýet dadyma, han meniň», «Ýat etdim» atly şygyrlarynyň golýazmalary-da tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu şygyrlar ilkinji gezek edebiýatçy alym Rahmanberdi Godarow tarapyndan 2021-nji ýylda Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryndan ýazylyp alnypdyr. Filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarow tarapyndan 1979-njy ýylda şahyryň «Dok çykdy», «Kemal bolar», «Gardaşym» ýaly şygyrlary, şeýle hem seýdişynas Jumagül Akyýewadan «Jykyr» goşgusy ýazylyp alnypdyr.


şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......