В Туркменистане спустя два века найдены ранее неизвестные стихи Сейди

  • 16.01.2026 23:47
  • 8.7k+

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär.

Bellenilişi ýaly, täze goşgular şahyryň dogduk mekany Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýan Seýdiniň çowlugy Hüýrpaşa enäniň çowlugy Aýjan gelnejeden alyndy. Goşgular 1969-njy ýylda Hüýrpaşa enäniň dilinden ýazylyp alnypdyr.  Hüýrpaşa enäniň agtygy Annasapar Eminowyň nesli häzirki wagtda Saýat etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýar. Onuň şahsy arhiwinde Seýitnazar Seýdiniň halk köpçüligine nätanyş bolan birnäçe şygyrlarynyň bardygy anyklanyldy.
Seýitnazar Seýdiniň täze tapylan goşgularynyň biri onuň Begmyrat atly batyr serkerdesine bagyşlanýar. Seýdiden 6-7 ýaş uly Begmyradyň özi-de şahyr bolupdyr. Ýeňil bolmadyk döwürde ýaşan Seýdi hyýanat zerarly käbir çaknyşykda ýeňlip, kynçylykly ýagdaýa sezewar bolýar. Annasapar Eminowyň şahsy arhiwinde nusgawy türkmen şahyry Zeliliniň kyn güne düşen dosty, serkerde şahyr Seýdä ýüzlenip ýazan «Hallaryň seniň» atly goşgusyna hem duş gelindi.
Awtor öz makalasynda arhiwde «Garabekewülde Ärlek diýen edenli ýigit bolupdyr. Ol talaňçylary yzyna kowýar. Seýdi ony taryplap «Ärlek» diýen şygryny ýazýar.» diýlen ýaly magumatlara hem gabat gelendiklerini belleýär. Gynansak-da,  şygyr doly saklanyp galmansoň, onuň diňe iki bendini ýazyp almak başardýar. Şeýle-de Hüýrpaşa enäniň hem-de onuň agtygy Annasapar Eminowyň maşgala ojagyndan Seýitnazar Seýdiniň «Ýar, seniň gurbanyň olsun», «Ýalan jahana», «Aman-nurbat, ýet dadyma, han meniň», «Ýat etdim» atly şygyrlarynyň golýazmalary-da tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu şygyrlar ilkinji gezek edebiýatçy alym Rahmanberdi Godarow tarapyndan 2021-nji ýylda Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryndan ýazylyp alnypdyr. Filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarow tarapyndan 1979-njy ýylda şahyryň «Dok çykdy», «Kemal bolar», «Gardaşym» ýaly şygyrlary, şeýle hem seýdişynas Jumagül Akyýewadan «Jykyr» goşgusy ýazylyp alnypdyr.


сегодня 00:03
567

В Туркменистане впервые издали учебник информатики для детей с нарушением зрения

Туркменская государственная издательская служба впервые выпустила учебник «Основы информатики» для учащихся первых классов отделений для слепых и слабовидящих детей реабилитационно-образовательных комплексов......

вчера 19:31
1k+

Неделя культуры – 2027 пройдет в Дашогузском велаяте

В 2027 году Неделя культуры пройдет в Дашогузском велаяте с 22 по 27 июня 2027 года. Соответствующее постановление подписал президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов. Документом также предусмотрено......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Ювелир Говхер Нурыева завоевала Кубок международного фестиваля в Бухаре

Туркменский ювелир, член Союза художников Туркменистана Говхер Нурыева заняла третье место на III Международном фестивале золотошвейного и ювелирного дела. Мероприятие прошло в Бухаре (Узбекистан) еще 15-17......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Наследие Махтумкули Фраги обсудили на конференции в Тегеране

16–17 июня в Тегеране состоялся ряд мероприятий, посвящённых жизни и творчеству великого туркменского поэта и мыслителя Махтумкули Фраги. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....