Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady

  • şu gün 14:43
  • 519

Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär.

Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi. Şeýle hem kampaniýa aktrisa Ýan Mi we stol üstündäki tennisiň oýunçysy Ma Lun hem gatnaşyp,  2026-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyndaky lybaslarda çykyş etdiler.
Alawly Atyň keşbini esas edinen kapmaniýanyň 22-nji ýanwardan başlap birnäçe ýerde  – Şanhaý IFC Mall söwda merkeziniň atriumynda, Çendudaky IFS Mall söwda merkezinde we Şanhaýyň merkezindäki Prada Rong Zhai rezidensiýasynda gurnalmagy meýilleşdirilýär. 22-nji ýanwardan 14-nji fewrala çenli Alawly Atyň şekili täzelenen Prada Rong Zhai butikiniň fasadyny bezär. Mundan başga-da, 28-nji fewraldan 3-nji marta çenli, Çyra festiwalynyň öňüsyrasynda, ady agzalan dükanda Alawly At Ýarmarkasy atly üýtgeşik täsirli meýdança açylar.


23.11.2025 00:49
4.7k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...

02.07.2025 11:27
7.7k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.05.2025 12:01
7.2k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär...

07.03.2025 11:29
5.6k+

Iň ýokary binagärlik sylagy bolan Pritsker baýragyny hytaýly Lýu Szýakun aldy

Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi. Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects»...