Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

  • 02.07.2025 11:27
  • 7.8k+

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar.

Binanyň fasady brendiň çemedanlarynyň şekilinde ýerine ýetirilip, onuň nyşanlary bilen bezeldi, ýere düşürilen kümüşsöw reňkli labyr hem LV şekilinde boldy. Şeýle etmek bilen brend öz taryhy köklerini görkezýär – kompaniýa öz ýoluna deňiz syýahatlary üçin çemedanlary döretmekden başlapdy. Binanyň binagärlik keşbi hem Şanhaýyň port geçmişine salgylanýar.

Visionary Journeys sergisi iki gaty eýeleýär. Onuň awtory – binagär Sýoheý Şigemasu. Sergi Louis Vuitton-yň nusgawy çemedanlaryndan ýygnalan arkadan başlaýar. Ony geçenden soň, myhmanlar brendiň taryhyny görkezýän giňişlige düşýär: bu ýerde 1859-njy ýyldaky ilkinji ussahanadan başlap, häzirkizaman moda egin-eşikleri we syýahat obrazlary hödürlenýär.
Sergidäki çemedanlar beýik diňler görnüşinde ýygnalan. Olar konstruksiýanyň bir bölegi bolmak bilen, heýkeller hökmünde hem kabul edilýär. Sergi fantaziýa atmosferasyny döredip, Louis Vuitton-a mahsus stili-de saklaýar.






25.02.2026 08:47
1.9k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

17.01.2026 14:43
2.2k+

Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady

Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi...