Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

  • 07.05.2025 12:01
  • 7.2k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär.

Muzeýiň binasy seýilgähe tarap görnüş açýan tolkun görnüşli eýwanlar bilen şar şekile eýe boldy. Eýwanlar merkezi atriumy gurşap alýan içerki galereýalary dowam etdirýär. Seýilgähe çykýan aýna diwar bolsa sergi zallaryny tebigat bilen birleşdirýär.
Binanyň fasady iki reňkli poslamaýan polatdan ýerine ýetirildi. Hytaýda ilkinji gezek şeýle masştabda ulanylan bu tehnologiýa reňkiň goýy gökden çal reňke akgynly geçişini üpjün edip, asman reňkleri bilen sazlaşýar.


Muzeýiň umumy meýdany 128 müň inedördül metre barabar. Hemişelik we wagtlaýyn ekspozisiýalar 35 müň ineördül metr meýdany tutýar. Immersiw teatrlar we kinoteatrlar 6 müň inedördül metri, okuw edaralary, barlaghanalar we innowasion merkez 5,4 müň inedördül metri eýeleýär.
Muzeý diňe bir binagärlik desgasy däl-de, eýsem sebitde möhüm ylym we bilim merkezi boldy.


23.11.2025 00:49
4.4k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...

02.07.2025 11:27
7.7k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.03.2025 11:29
5.5k+

Iň ýokary binagärlik sylagy bolan Pritsker baýragyny hytaýly Lýu Szýakun aldy

Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi. Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects»...

31.12.2024 16:56
5.1k+

Zaha Hadid Architects edarasy Hytaýda medeni we sungat merkezini taslamalaşdyrar

Zaha Hadid Architects arhitektura býurosy Hytaýyň Şaosin şäherinde medeni we çeperçilik merkezini dizaýn eder. Bu barada studiýanyň web sahypasynda habar berildi. Täze toplum 1400 orunlyk teatrdan, 500 orunlyk...