Iň ýokary binagärlik sylagy bolan Pritsker baýragyny hytaýly Lýu Szýakun aldy

  • 07.03.2025 11:29
  • 5.6k+

Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects» binagärlik býurosy 40 ýylyň dowamynda tutuş Hytaý boýunça 30-dan gowrak desgany – akademik we medeni edaralardan başlap, jemgyýetçilik giňişliklerine çenli proýektirlediler.

«Arhitekturanyň çalt özgerýän jemgyýetçilik we ekologiýa kynçylyklaryna laýyk çözgüt tapmak üçin jan edýän wagty, Lýu Szýakun ynandyryjy jogaplary berdi. Onuň işleri adamlaryň gündelik durmuşyny, jemgyýetçilik we ruhy şahsyýetini şöhratlandyrýar» — diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Pritsker baýragy 1979-njy ýyldan bäri gowşurylýar. Baýrak bilen bilelikde ýeňijä 100 müň dollar pul sylagy hem berilýär.
Lýu Szýakun bu baýragy alan taryhda ikinji hytaýly binagär boldy. Ilki bilen bu sylaga 2012-nji ýylda Wan Şu mynasyp bolupdy.








düýn 14:43
1.3k+

Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady

Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi...

23.11.2025 00:49
4.7k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...

02.07.2025 11:27
7.8k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.05.2025 12:01
7.2k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär...