Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

  • şu gün 00:49
  • 160

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär.

Arhitektorlar binany Hytaý obasynyň döwrebap görnüşi hökmünde tasladylar: 12 sany pawilýon (sergi jaýy) umumy lentany ýatladýan üçek bilen birleşdirilendir. Bu konsepsiýa klassiki Suçžou seýilgählerinden ylham alyp, däp bolan elementleri we döwrebap görnüşleri utgaşdyrýar. Pawilýonlar aýnadan ýasalan galereýalar bilen birleşip, howlulardan we sergi zallaryndan ybarat özboluşly «Hytaý düwünini» emele getirýär.
Resmi açylyşdan öň, muzeý «Materializm» atly sergini hödürlär. Oňa BIG býurosy kuratorlyk eder. Sergi kompaniýanyň 20 taslamasynyň, şol sanda Kopengagendäki studiýanyň baş binasy we Google Bay View ýaly taslamalaryň uly maketlerini we modellerini görkezer. Myhmanlar ýer, metal, agaç we plastmassa ýaly materiallaryň arhitektura çözgütlerini nädip emele getirýändigini görüp bilerler.


02.07.2025 11:27
7.6k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

07.05.2025 12:01
7.1k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid taslamasy boýunça gurlan ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Şençžen şäherinde Zaha Hadid Architects býurosynyň taslamasy boýunça döredilen ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Ol täze ylym seýilgähiniň günorta-gündogarynda ýerleşip, binagärlik merkezi bolup hyzmat edýär diýip, Designboom habar berýär...

07.03.2025 11:29
5.5k+

Iň ýokary binagärlik sylagy bolan Pritsker baýragyny hytaýly Lýu Szýakun aldy

Dünýä binagärliginde esasy sylag hasaplanýan Pritsker baýragyna şu ýyl hytaýly 69 ýaşly Lýu Szýakun mynasyp boldy. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi. Szýakunyň ýolbaşçylyk edýän «Jiakun Architects»...

31.12.2024 16:56
5.1k+

Zaha Hadid Architects edarasy Hytaýda medeni we sungat merkezini taslamalaşdyrar

Zaha Hadid Architects arhitektura býurosy Hytaýyň Şaosin şäherinde medeni we çeperçilik merkezini dizaýn eder. Bu barada studiýanyň web sahypasynda habar berildi. Täze toplum 1400 orunlyk teatrdan, 500 orunlyk...