Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar

  • 17.01.2026 11:10
  • 8.2k+

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutany Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 18:57
21

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
977

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......