Ilkinji gezek energiýa uçup barýan uçardan şöhle görnüşinde Ýerdäki Gün panellerine geçirildi

  • 16.01.2026 16:56
  • 4.9k+

Overwiew Energy startapy ilkinji gezek uçup barýan uçardan energiýany Ýerdäki adaty Gün panellerine simsiz geçirip bildi. Synag geljekde energiýanyň kosmosdan Ýere iberilmeginde uly ädim hasaplanýar.

Kompaniýa pes kuwwatly we giň infragyzyl şöhläni ulandy. Şeýle çemeleşme inçe we kuwwatly şöhläni ulanmakdan has howpsuz hasaplanýar. Energiýa adaty Gün panelleri arkaly, şol sanda gijelerine hem kabul edilip bilner, bu bolsa energiýa öndürmekde bökdençlikleriň bolmagyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Geçiriji enjam Cessna uçaryna ýerleşdirildi. 5 müň metr beýiklikde, 280 km/sag çenli tizlikde we gapdaldan öwüsýän güýçli ýelde uçuş wagty şöhle Ýerdäki Gün elektrostansiýasyna gönükdirildi. Enjamlar şöhläniň panellere düşen wagty energiýanyň öndürilişiniň ýokarlanandygyny hasaba aldy, bu bolsa ulgamyň işe ukyplylygyny tassyklady.
Taslama DARPA-nyň profil programmalarynyň ýolbaşçysy Pol Jaffe hem goşuldy. Kompaniýa synagda orbita iberilmegi meýilleşdirilýän enjamyň ulanylandygyny habar berýär.
Overview Energy häzirki onýyllygyň ahyryna çenli kosmosda megawatt, geljekde bolsa gigawatt derejeli energiýa geçiriji ulgamy ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Platformalary Ýerdäki adaty Gün panellerine energiýa ibermek üçin geostasionar orbitada ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

04.06.2026 19:55
6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......