Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy

  • 16.01.2026 23:02
  • 5.7k+

«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi.

Ter Ştegen «Barselonada» 2014-nji ýyldan bäri oýnaýar. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 423 oýna gatnaşdy we 176 gezek derwezä gol geçirtmedi. Derwezebanyň katalon kluby bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, ýöne ol esasy düzüme seýrek goşulýar. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, häzir onuň bazar bahasy 7 mln ýewro barabar.

Şeýle-de, Romano «Kristal Pelasyň» merkezi goragçysy Mark Gehiniň «Mançester Sitä» geçýändigini habar berdi. London kluby 20 mln funt sterling (23 mln ýewro) möçberde teklip kabul etdi. Ýöne Transfermarkt-yň hasaby boýunça, onuň bazar bahasy 55 mln ýewro.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 25 ýaşly futbolçy «ManSiti» tarapyndan hödürlenen şertlere razy boldy.
Häzirki möwsümde Gehi 33 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi we dört assist etdi.


düýn 18:20
3.5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.8k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......