«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

  • 16.01.2026 16:52
  • 1.8k+

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär.

Dünýädäki muşdaklar ähli şüweleňler üçin petekleri bronlama ulgamy işläp başlanyndan soňky ilkinji birnäçe sagatda satyn alyp ýetişdi. Guramaçylar, aýratynam, ýubileý ýylynda şeýle uly islegi «bäsleşigiň giňden belli bolmagy we onuň tomaşaçylary birleşdirmek ukyby» bilen baglanyşdyrýar.
Bäsleşik Winer Ştadthalle stadionynda geçiriler: ýarym finallar 12-nji we 14-nji maýa, final bolsa 16-njy maýa meýilleşdirilýär. Bu seneler bäsleşigi Awstriýanyň ORF ýaýlym guramasy bilen bilelikde gurnaýan Ýewropa ýaýlym bileleşigi tarapyndan tassyklandy.
Ýaryşa 35 ýurt gatnaşar.
Şeýle-de bolsa, bäsleşik millionlarça tomaşaçyny özüne çekýän we aýdym-saz dessurlarynyň köpdürlüligini görkezýän medeni waka bolmagynda galýar. Petekleriň çalt satylmagy onuň hatda şeýle çylşyrymly döwürlerde-de meşhurlygyny tassyklaýar. 


17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....