«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

  • 01.04.2026 11:20
  • 1.8k+

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagta çenli bäsleşige gatnaşjakdygyny tassyklan döwletleriň sany 10-dan geçdi. Olaryň hatarynda Bangladeş, Butan, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Nepal, Filippinler, Günorta Koreýa, Taýland we Wýetnam bar.

Gatnaşyjylar iki tapgyr boýunça saýlanylar. Ilki bilen milli derejede saýlawlar geçiriler, soňra bolsa ýeňijiler Bangkokda boljak finalda çykyş ederler.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi «Ýewrowideniýäniň» 70 ýyllygy bilen gabat gelýär we ol bäsleşigiň taryhynda täze sahypa açar diýlip garaşylýar.

Mundan ozal ABŞ-da hem şuna meňzeş taslamany amala aşyrmak synanyşygy bolupdy. Ýöne 2022-nji ýylda geçirilen Amerikan aýdym-saz bäsleşigi garaşylan meşhurlyga eýe bolmady we tiz wagtdan ýapyldy.


25.06.2026 14:59
7.3k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......